pallet_img

Senagat Plastik HJ

Türkmenistanda plastik poddonlary öndürmekde

Ilkinji we öňdebaryjydyr .

Kompaniýanyň taryhy

logo_img

“Senagat Plastik” hojalyk jemgyýetiniň plastik poddonlary öndürýän zawody ýurdumyza gelýän import harytlaryň ornuny tutmak we harytlary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri ýerine ýetirmek, şeýle-de Türkmenistanda öndürilýän bäsleşige ukyply harytlary halkara bazaryna çykarmak maksady bilen 2017-2018 ýyllar aralygynda guruldy. Desganyň gurluşygy we enjamlarynyň goýberiş-sazlaýyş işleri 12 aýyň dowamynda tamamlanyp, 2018-nji ýylda gerekli rugsatnamalaryň alynmagy bilen zawod ýylda 240 000 sany poddon öndürijilik kuwwatlylygynda senagat önümçiligine ullanyşa goýberildi. 2019-njy ýylda zawodyň önümçilik kuwwatynyň giňelmegi, ýylda 480 000 sany poddon öndürilmegine we öndürilýän önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegine getirdi.

base_img

Zawodyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, şäherara demirýol we awtomobil magistral ýollaryna ýakyn ýerleşmegi, önümleri mümkin bolan tiz wagtda ýüklenmegine we halkara logistikasy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine getirýär.

pallet_img

“Senagat Plastik” hojalyk jemgyýeti we onuň önümçiligi hereket edýän kanunçylyga laýyklykda sertifikatlaşdyrylan hem-de ISO 9001-2015, ISO 14001-2015, OHSAS 18001-2007 halkara sertifikatlaryna eýedir.

plant_img

Häzirki wagtda “Senagat Plastik” hojalyk jemgyýeti birnäçe ölçeglerde, dürli statiki we dinamiki ýük göterijilik kuwwatlykda, bir gatlakly plastik poddonlaryny öndürýär.

Üstünliklerimiz

"Senagat Plastik" HJ Türkmenistanda geçirilen halkara sergilere işjeň gatnaşýar we sergä gatnaşyjylary biziň önümerimiz bilen tanyşyp, ýokary baha berdiler.

certificate_img

2018-nji ýylda Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi tarapyndan gurnalan Türkmenistanyň Milli Ykdysadyýetiniň Üstünlikleri Sergisine gatnaşdyk.

2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalan AWAZA MSZ-da innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmakda gazanylan üstünlikleriň halkara sergisine gatnaşdyk.

certificate_img
certificate_img

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy we "Türkmen Nebit" döwlet konserni tarapyndan bilelikde guralan "Türkmenistanyň nebit-gazy 2019" nebit-gaz pudagynda gazanylan üstünlikler sergisine gatnaşdy.